TDHÇMB-da çarşenbe güni $8,8 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
 TDHÇMB-da çarşenbe güni $8,8 milliondan gowrak söwda boldy
Owganystanyň işewürleri A-95 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda A-95 kysymly awtoulag benzini we dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümler satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 8 million 816 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 809 ABŞ dollaryna deň bolan A-95 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 090 müň ABŞ dollaryna deň boldy.Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Azerbaýjandan gelen telekeçi jemi bahasy 726 müň ABŞ dollaryna deň bolan dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümleriň 132 müň kilogramyny satyn aldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdede daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň möçberi 109 million 250 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022