Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere Türkmenistandan düşek we ýyladyjy ugradyldy
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Türkmenistanyň ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ibermegi dowam etdirjekdigini aýtdy. (Surat: AA)

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen 100 sany düşek we 60 sany ýyladyjy iberdi. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp, “Anadolu” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň şu güne çenli geçiren haýyr-sahawat çäresiniň çäklerinde Türkiýede bolup geçen ýertitremede ejir çekenlere jemi 6971 sany ýorgan, 100 sany düşek, 20 sany generator, 60 sany ýyladyjy, 6 sany göçme hajathana, 11 tonna egin-eşik, 44 tonna lukmançylyk enjamlary we 67 tonna azyk önümleri ugradyldy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Türkmenistanyň ýertitremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ibermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Associated Press” halkara habarlar agentligine görä, Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu 6-njy fewralda Türkiýede bolan ýertitremede wepat bolanlaryň sanynyň 43 müň 556 adama ýetendigini aýtdy.

Türkiýäniň Hataý welaýatynda duşenbe güni 6,4 bala deň bolan ýene bir güýçli ýertitreme bolup geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022