Türkiýäniň Hataý welaýatynda ýene-de 6,4 ballyk ýertitreme bolup geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Hataý welaýatynda ýene-de 6,4 ballyk ýertitreme bolup geçdi
Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý ýurduň hökümetiniň sebiti gözden geçirýändigini aýtdy we ähli raýatlary zeper ýeten binalardan daşda durmaga çagyrdy.

Türkiýede bolup geçen iki sany güýçli ýer titremeden iki hepde soň, duşenbe güni Siriýanyň serhedine golaý ýerleşýän Türkiýäniň Hataý welaýatynda 6,4 bala deň bolan ýene bir güýçli ýertitreme bolup geçdi. Bu barada Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş edarasy (AFAD) habar berdi.

AFAD-yň habar bermegine görä, 6,4 bala deň bolan ýertitremäniň merkezi Defne etrabynda boldy.

6,4 bal ululykda bolan ýertitremeden birnäçe minut soň Hataýyň Samandag etrabynda hem 5,8 bala deň bolan ýertitreme bolup geçdi. Türk metbugatynyň habar bermegine görä, welaýatda iki hepde öň bolan ýertitremede zeper ýeten binalar ýykyldy.

Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý ýurduň hökümetiniň sebiti gözden geçirýändigini aýtdy we ähli raýatlary zeper ýeten binalardan daşda durmaga çagyrdy.

Türkiýede bolup geçen Iki sany ýertitreme Siriýada, Müsürde, Liwanda, Yrakda, Palestinada we Iordaniýada duýuldy. AFAD-yň soňky maglumatlaryna görä, Türkiýede 6-njy fewralda bolup geçen iki sany güýçli ýertitreme zerarly 41 müňden gowrak adam wepat boldy. 

2022