AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat iýun aýynda Duşanbede geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat iýun aýynda Duşanbede geçiriler
Duşanbe, Täjigistan

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde şu ýylyň 5-7-nji iýun aralygynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi habar berdi.

Bu çärä AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň, ýagny Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşarlar.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi şu ýylyň sentýabr aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy bilen bilelikde geçiriler.

Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) 1992-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady hem-de ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen döredildi.

2022