Ahal welaýatyna täze 50 sany taksi awtoulagy gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatyna täze 50 sany taksi awtoulagy gelip gowuşdy
Ahalawtoulag önümçilik birleşigine gelip gowşan taksi awtoulaglary Ahal welaýatynyň degişli çäginde raýatlara hyzmat eder.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň garamagyndaky Ahalawtoulag önümçilik birleşigine ýakynda 50 sany “Toyota Corolla” kysymly ýeňil awtoulag gelip gowuşdy.

Ahalawtoulag önümçilik birleşigine gelip gowşan taksi awtoulaglary Ahal welaýatynyň degişli çäginde raýatlara hyzmat eder. Bu barada Ahalawtoulag önümçilik birleşiginiň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglary 1-nji martdan doly güýjünde işe başlap, bellenilen ugurlar boýunça hereketini amala aşyrar.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi geçen ýyl Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy bilen “Toyota” kysymly taksi awtoulaglaryň we awtobuslaryň 2110-syny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşypdy.

2022