ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna $25 millionlyk ykdysady kömek bermekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna $25 millionlyk ykdysady kömek bermekçi
Bu serişdeler söwda ýollaryny giňeltmek, Transhazar söwda ugurlary boýunça infrastrukturany ösdürmek, hususy pudagy güýçlendirmek üçin ulanylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) administrasiýasy Merkezi Aziýada ykdysady durnuklylyk başlangyjyň (ERICEN) çäginde sebit maksatnamalary üçin 25 million ABŞ dollaryny bölüp bermegi maksat edinýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilen bu başlangyç sebitdäki ykdysady ösüşi höweslendirýär. ABŞ 2022-nji maliýe ýylynda (geçen ýylyň 30-njy sentýabrynda tamamlanan) 25 million ABŞ dollaryny söwda ýollaryny diwersifikasiýa etmek, sebite maýa goýumlaryny çekmek we iş mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin gönükdirdi.

“ABŞ Kongres bilen iş alyp baryp, 2023-nji maliýe ýylynda ERICEN-iň çäginde meýilnamalary giňeltmek üçin 20 million ABŞ dollaryny goşmak isleýär. Şeýle hem ABŞ ykdysady we energiýa maksatnamalary arkaly sebitara gatnaşygyny goldamak üçin ABŞ dollaryny bölüp bermegi meýilleşdirýär. Bu bolsa sebit maksatnamalary üçin umumy 50 million ABŞ dollaryna barabar bolar” diýip, habarda bellenilýär.

Bu serişdeler söwda ýollaryny giňeltmek, Transhazar söwda ugurlary boýunça infrastrukturany ösdürmek, hususy pudagy güýçlendirmek, Günbatar transmilli kompaniýalaryň Merkezi Aziýa hereketini ýeňilleşdirmek, sebitiň ýaş hünärmenleri üçin iňlis dili okuw meýilnamalaryny giňeltmek we sebitdäki işçi güýjüni telekeçilik hem-de has talap edilýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin ulanylar.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň “C5+1” ministrler derejesindäki duşuşygy sişenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Duşuşygyň dowamynda azyk howpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreş, energiýa we daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýan köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022