Azerbaýjanyň Baku portunda Merkezi Aziýadan getirilýän harytlar üçin gämi duralgasy açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Latif Seýfaddin ogly Gandilowyň Merkezi Aziýada ulag koridorlary: Gyrgyzystan üçin täze mümkinçilikler" atly halkara forumda eden çykyşyna salgylanyp, gyrgyz “Tazabek” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.
Şeýle hem ilçi Latif Seýfaddin ogly Gandilow Azerbaýjanyň Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherleri bilen parom hyzmatyny ýola goýandygyny aýtdy.
Azerbaýjanyň ilçisi täze ulag koridorlarynyň emele gelmegi bar bolan ugurlar üçin bäsdeşlik döretmeýändigini aýtdy we olaryň üstini ýetirýändigini nygtady. Baku portunyň üsti bilen günorta-gündogar Ýewropa we demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna iki sany ugur açylýar.
Türkmenbaşy halkara deňiz porty we Azerbaýjanyň Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda iki ýük gämileriniň gatnawy ýola goýuldy. Bu gämileriň yzygiderli gatnawy Hazar deňzindäki Hytaý-Ýewropa geçelgesiniň ikinji böleginde ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.