Aşgabatda 530 sany ýeňil taksi awtoulaglary ilata hyzmat edip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda 530 sany ýeňil taksi awtoulaglary ilata hyzmat edip başlady
Täze awtoulaglar enjamlaşdyrylyşy we ýolagçylara niýetlenilip döredilen şertleri babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Aşgabat şäherinde täze “Toyota Corolla” kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň 530 sanysy ilata hyzmat edip başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem “Toyota Сorolla”, “Hyundai Elantra” kysymly döwrebap taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Döwrebap taksi awtoulaglarynyň Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatyna 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 85-si welaýatlaryň ilatlaryna hyzmat eder.

Habarda bellenilişi ýaly, täze awtoulaglar enjamlaşdyrylyşy we ýolagçylara niýetlenilip döredilen şertleri babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Awtoulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler we müşderiler taksi hyzmatyndan peýdalanmak üçin degişli telefon belgilere jaň edip, ulagy çagyryp bilerler.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi geçen ýyl Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy bilen “Toyota” kysymly taksi awtoulaglaryň we awtobuslaryň 2110-syny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşypdy.

2022