Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 28-nji fewralda türkmen-eýran serhedindäki Howdan-Bajgyran barlag nokatlarynda geçirilen duşuşykda e-TIR elektron ulgamyny ulanmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy penşenbe güni habar berdi.
Günüň birinji ýarymynda Eýranyň “Bajgyran” gümrük nokadynda geçirilen iş duşuşygynyň dowamynda gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, Howdan-Bajgyran bilelikdäki serhet bazarynyň işi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda iş duşuşygy türkmen tarapynda “Howdan” gümrük nokadynda dowam etdirildi. “Howdan” gümrük nokadynda taraplar üstaşyr hyzmatlaryny bermek, gümrük maglumatlary alyşmak we bilelikdäki okuw çäreleri geçirmek boýunça teklipler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, taraplar gümrük hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň türkmen-eýran söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze mazmun berjekdigine we iki döwletiň ulag hem-de üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem Howdan-Bajgyran barlag nokatlarynda geçirilen duşuşyga Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsuly gatnaşdy.
Bu wekiliýetleriň türkmen-eýran serhedindäki ikinji bilelikdäki duşuşygydyr.