Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wo Wan Thyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Wo Wan Thyonga berk jan saglyk, güýç-kuwwat, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de abadançylygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
TASS agentliginiň habar bermegine görä, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Milli ýygnagy (bir palataly mejlis) penşenbe güni ýurduň täze Prezidenti hökmünde Wýetnamyň dolandyryjy Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň sekretariatynyň hemişelik agzasy, Syýasy býuronyň agzasy Wo Wan Thyongy saýlady.
Wýetnamyň täze bellenilen Prezidenti Wo Wan Thyong 52 ýaşynda bolup, ol Wýetnamyň taryhynda 12-nji Prezident boldy.