Mart I hepde: eksport geleşikleri $4,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart I hepde: eksport geleşikleri $4,7 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler suwuklandyrylan gazy, tehniki kükürdi, polipropileni we guradylan, arassalanmadyk buýan köküni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 4 million 729 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Owganystandan, Türkiýeden we BAE-den gelen telekeçiler daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gazy, tehniki kükürdi, polipropileni we guradylan, arassalanmadyk buýan köküni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin türkmen işewürleri 4 million 680 müň manada deň bolan SN600 kysymly esas ýagyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022