Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň Aşgabatda alyp barýan gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçileriň Aşgabatda alyp barýan gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy üçin olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäherde durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylan gurluşyklaryň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowa ýüzlenip bu ugurdaky degişli bellikleri aýtdy. Şeýle hem bu ugurda ýerine ýetirilýän işlerde ýol berlen kemçiliklere kanun esasynda jogap bermeli boljakdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymowyň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hususy gurluşyk kompaniýalarynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guramagy üçin olaryň alyp barýan işleriniň ünsden düşürilýändigini aýtdy we häkimiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkeziniň we Magtymguly şaýolunyň ugrunda bina edilýän ikinji bir söwda merkeziniň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, bu ýerde görkezilen birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

2022