Russiýanyň kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň kompaniýalary TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmakçy
Ilçi Dmitriý Žirnow rus kompaniýalarynyň bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goldaw berendiklerini habar berdi.

Russiýanyň turba öndüriji kompaniýalary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmaga taýýar diýip, Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitriý Žirnow “Izwestia” gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Duşenbe güni çap edilen interwýuda ilçi Dmitriý Žirnow rus kompaniýalarynyň bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goldaw berendiklerini habar berdi.

Şeýle hem ilçi Russiýa bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

“Tatarstanyň telekeçileri bir aý öň Kabulda Owganystanda kömür bilen işleýän ýylylyk energiýasyny ösdürmek boýunça Memoranduma gol çekdiler. Bu bolsa Eýran we Pakistan bilen üç taraplaýyn taslama” diýip, Russiýanyň Owganystandaky ilçisi aýtdy.

Dmitriý Žirnow aýtmagyna görä, rus inženerleri Kabuldaky ýyladyş gazanhanalary, ýyladyş we suw üpjünçilik ulgamlaryny, elektrik beketleri gözden geçirdiler we jemgyýetçilik hyzmatlaryny täzeden gurmak meýilnamasyny taýýarladylar. Şeýle hem rus bilermenleri Owganystanyň üsti bilen Özbegistandan Pakistana demir ýol gurmak boýunça tehniki topara hem gatnaşýarlar.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022