Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň doly agza bolup durýan Türki döwletleriň baha kesijiler birleşiginiň guramaçylyk komiteti öz işine başlady. Bu barada Azerbaýjanyň AZERTAC täzelikler agentligi duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Demirgazyk Kipriň baha kesijiler birleşigi synçy agza hökmünde çykyş eder.
Azerbaýjanyň baha kesijiler jemgyýetiniň başlygy Wugar Oruj we Banklar birleşiginiň wise-prezidenti, Gazagystanyň Bahalandyryş edarasynyň başlygy Marat Baýtokow utgaşdyryjylar hökmünde saýlandy.
Wugar Orujyň aýtmagyna görä, aprel aýynda Türki döwletleriň baha kesiji birleşiklerini bir ýerde jemleýän platformanyň utgaşdyryjy merkeziniň duşuşygy Bakuda geçiriler. Iýun aýynda bolsa Gazagystanyň Türkestan şäherinde Türki döwletleriň baha kesijiler birleşiginiň esaslandyryjy maslahaty geçiriler. Onuň dowamynda türki döwletlerine baha berýän birleşikleriň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki iş mehanizmini ösdürmek, şeýle hem integrasiýany üpjün etmek üçin degişli düzümler dörediler.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň netijeleri boýunça bileleşigiň işi, guramaçylyk komitetiniň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek we esaslandyryjy konferensiýasyna taýýarlyk görmek boýunça kararlar kabul edildi.