Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni türk kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitine taýýarlyk boýunça pikir alyşdylar.
“Turkish Daily Sabah” gazetiniň habar bermegine görä, gurama şu ýylyň 16-njy martynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada adatdan daşary sammit geçirer.
TDG Türki döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, ylym, bilim, ulag we syýahatçylyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredilen döwletara guramadyr.
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan, Wengriýa we Demırgazyk Kipr bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.