Türkmen ilçisi Astanada Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi Astanada Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Taraplar ylym-bilim ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Rejepow duşenbe güni Astanada L. N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym-bilim ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy habar berdi.

Mundan başga-da, resmiler ýaşyl wodorod öndürmegiň we IT ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti boýunça bilelikdäki gözleg işinde taraplaryň özara gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.

L. N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti Gazagystanyň milli ylmy barlag uniwersiteti bolup, ol Astana şäherinde iň uly ýokary okuw jaýydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022