Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrylar
Resminama laýyklykda Ahal welaýatynyň häkimligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda Ahal welaýatynyň häkimligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň baş meýilnamasyny bir aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleri boýunça bäsleşigi geçirmäge borçly edildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine, degişli edaralara, kärhanalara hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ikinji tapgyrda gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmäge borçly edildi.

2022