Daşkentde Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkentde Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi
Duşuşyga Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşdy.(Surat: uzdaily.uz)

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde duşenbe güni Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada “UzDaily” habarlar gullugy mälim etdi.

Duşuşyga Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşdy.

Owganystanyň goňşy döwletleriniň ýörite wekilleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda esasy üns ýurda ynsanperwer kömeginiň berilmegine we Owganystanyň sebitara baglanyşyk işine has işjeň gatnaşmagyna gönükdirildi.

Şeýle hem wekiliýetler Özbegistanyň BMG-nyň howandarlygynda ýokary derejeli halkara gepleşik toparyny döretmek we owgan häkimiýetleri bilen taraplaryň borçlaryny tapgyrlaýyn ýerine ýetirmek algoritmini taýýarlamak we ylalaşmak baradaky başlangyjyny goldadylar.

Döwletleriň wekilleri Tunsi Jarnamasyna laýyklykda Owganystanyň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň 4-nji mejlisini Özbegistanda geçirmegi ylalaşdylar.

2022