Türkmenistan Astrahanda geçiriljek Halkara ulag forumyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Astrahanda geçiriljek Halkara ulag forumyna gatnaşar
Astrahan porty, Russiýa

Türkmenistan 26-27-nji aprelda Astrahanda geçiriljek “Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2023” atly halkara foruma gatnaşar. Bu barada astrakhanfm.ru habarlar gullugy geçen hepdäniň anna güni mälim etdi.

Halkara foruma işewür toparlaryň bilermenleri, Russiýanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary ýolbaşçylary gatnaşar. Forumyň dowamynda üýtgeýän global ýol ulaglarynyň görnüşleri we Hazar deňziniň Ýewraziýa söwda ýolunyň esasy dört – demirgazyk-günorta, günbatar-gündogar, demirgazyk-gündogar we günorta-günbatar çatryklaryndaky strategiki ýerleşişi göz öňünde tutulyp, netijeli iş strategiýalary ara alyp maslahatlaşylar.

Foruma gatnaşyjylar Wolga-Hazaryň ulag we logistika ekoulgamynyň, şeýle hem Beýik Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň netijelerine boýunça kararlaryň we teklipleriň Kararnamada çap edilmegine we degişli döwlet edaralary tarapyndan gaýtadan garalmagyna garaşylýar.

2022