Merkezi Aziýanyň elektron söwda bazary 2022-nji ýylda $8 milliarda ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň elektron söwda bazary 2022-nji ýylda $8 milliarda ýetdi
"eBay" elektron söwda platformasyndaky "Central Asia Hub" bölümçesi (Surat:Halkara söwda merkezi)

Merkezi Aziýanyň elektron söwda bazary 2022-nji ýylda 8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy we onuň ýakyn bäş ýylyň dowamynda ýyllyk 25,4 göterim ortaça ösüş depgini bilen ösmegine garaşylýar. Bu barada halkara bazar seljeriş we maslahat beriş kompaniýasy IMARC-a salgylanyp, ZAWYA.com habarlar gullugy penşenbe güni mälim etdi.

Halkara Söwda Merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ready4Trade Central Asia” taslamasy 7-9-njy mart aralygynda Dubaý şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde elektron söwda bazaryny ösdürmek maksady bilen “Merkezi Aziýada elektron söwdanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak” atly maslahaty geçirdi. Üç gün dowam eden maslahata Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasatçylary we işewür wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda taraplar döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary, garamaga degişli bolan esasy milli syýasatlar we düzgünler, Merkezi Aziýanyň içinde söwda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary boýunça pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa senetçilerini düýpgöter täze onlaýn satuw ýollary bilen üpjün etmek we önümlerini halkara müşderilere satmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen elektron söwda platformasy bolan NOVICA-da“Artisan Empowerment Hub” merkezini açdylar. 

“Ready4Trade Central Asia” milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Bütindünýä Söwda Merkeziniň ýolbaşçylygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän dört ýyllyk taslamadyr. Bu taslamanyň esasy maksady sebitdäki ýurtlarda sebitara we halkara söwdany ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we ykdysady ösüşine goşant goşmak bolup durýar.

2022