“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Almaty, Deli, London, Pekin şäherlerine yzygiderli gatnawlary başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Almaty, Deli, London, Pekin şäherlerine yzygiderli gatnawlary başlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy häzirki wagtda Moskwa, Kazan, Dubaý, Stambul we Frankfurt şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 26-njy martdan başlap Aşgabat şäherinden Londona (Beýik Britaniýa), Pekine (Hytaý), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan) yzygiderli halkara gatnawlary amala aşyryp başlar. Uçuşlaryň täzelenen rejesi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň web sahypasyna çap edildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň halkara ugurlary täze ugurlar bilen birlikde dokuza ýeter. Häzirki wagtda awiakompaniýa Moskwa, Kazan, Dubaý, Stambul we Frankfurt şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Aşgabatdan Almaty şäherine uçuşlar hepdede iki gezek her sişenbe we penşenbe günleri, yzyna bolsa hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

Aşgabat-Deli-Aşgabat ýolagçy gatnawlary her ýekşenbe güni meýilleşdirilýär.

Aşgabatdan Londona uçuş her çarşenbe güni meýilleşdirilip, Londondan Aşgabada uçuş hem şol gün amala aşyrylar.

Aşgabat-Pekin ugry boýunça ýolagçy gatnawlary hepdede üç gezek, ýagny sişenbe, anna, we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Gaýdyş uçuşy bolsa sişenbe, şenbe, ýekşenbe günleri meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe howa gatnawlaryny COVID-19 pandemiýasyndan öňki derejelerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

2022