Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 million lira ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 million lira ýygnaldy
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral

Türkmenistanda ýaşaýan türkmen we türk raýatlary tarapyndan 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere 3 million türk lirasyndan gowrak pul serişdesi ýygnaldy. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

“Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlary ilçihanamyz tarapyndan açylan bank hasabyna 3 million türk lirasyndan gowrak pul serişdesini geçirdiler” diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral aýtdy.

Türk diplomaty Türkmenistanyň Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenlere kömek bermek üçin ilkinji çäreleri gören ýurtlaryň biridigini belläp, Türkmenistandan betbagtçylyk sebitine iberilen ynsanperwerlik kömeginiň türk hökümeti tarapyndan kabul edilendigini we ejir çekenlere gowşurlandygyny aýtdy. Şeýle hem ilçi 7-nji fewralda Gaziantep welaýatyna 10 sany türkmen lukmanynyň we onuň bilen birlikde 30 tonna derman serişdeleriniň hem-de zerur bolan önümleriň iberilendigini belledi.

Bulardan başga-da, şu ýylyň 10-njy fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Türkiýä umumy agramy 92 tonna deň bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar, gyşky egin-eşikler hem-de azyk önümleri iberildi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen hyzmatdaşlygynda 7 sany çadyr, 60 sany ýyladyjy, 20 sany generator, 667 sany düşek, 6835 sany ýorgan hem-de arassaçylyk serişdelerini, egin-eşikleri, iýmit önümlerini öz içine alýan 23,45 tonnalyk ynsanperwer kömegi ýygnaldy we "Türk howaýollary” kompaniýasynyň uçarlary, şeýle hem türkmen logistika kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen ýük awtoulaglary arkaly Türkiýä iberildi.

“Türkiýäniň hökümetiniň we halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna, döwlet edaralaryna we birleşiklerine, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda ýaşaýan raýatlarymyza we ýurtda işleýän türk kompaniýalaryna, olaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine sag bolsun aýdasym gelýär” diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral aýtdy we Türkmenistan öz halky bilen doganlyk raýdaşlygyny bildirendigini belledi.

2022