Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komiteti şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşygyň taraplarynyň wekilleriniň duşuşygyny geçirer.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçiriljek duşuşyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirmegi meýilleşdirýän bu çäresiniň gün tertibine laýyklykda, halkara gatnatmalarda üstaşyr daşamalary ösdürmek, Halkara demir ýol ýük gatnatmalary baradaky Ylalaşygy kämilleşdirmek, demir ýol ulagy arkaly üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly we beýleki meselelere garamak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ösen demir ýol düzümli iri halkara üstaşyr geçelgeleriň möhüm merkezleriniň biri bolup durýandygyny hem-de ulag ulgamynda daşary ýurtlar we halkara düzümler, şol sanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän bu duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Şeýle hem Mämmethan Çakyýew halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.