Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalar bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalar bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe bu ýerde alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy, ähli binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe degişli bellikleri etdi we düzedişleri girizdi. Bu ýerde, esasan, Arkadag şäherine gelýän awtomobil ýollarynyň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi. Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Liderine täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belläp, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen hem tanyşdy.

2022