Gurtly ýaşaýyş toplumynda 46 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurtly ýaşaýyş toplumynda 46 sany täze ýaşaýyş jaýy gurlar
Gurulmagy göz öňünde tutulýan 46 sany ýaşaýyş jaýyň 16-sy 68 öýli, 30-sy 40 öýli jaýlardan ybarat bolar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda 46 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, mekdep, çagalar bagy, söwda merkezi we seýilgäh gurlar.

Bu maksat bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda degişli bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan 46 sany ýaşaýyş jaýyň 16-sy 68 öýli, 30-sy 40 öýli jaýlardan ybarat bolar. Şeýlelikde Gurtly ýaşaýyş toplumynda jemi 2828 täze öý peýda bolar.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen bäsleşikde 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, seýilgäh, söwda-dynç alyş merkezi we ýedi sany iki gatly söwda we hyzmat öýleri bar.

Mundan başga-da, bäsleşik ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny, daşarky eltiji we içerki agyz suw hem-de lagym geçiriji ulgamlary öz içine alýar.

Aşgabadyň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda geçen ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 3064 maşgala üçin niýetlenen dört gatly 62 sany ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan täze jemgyýetçilik binalary açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022