Türkmenistan we Özbegistan ulag-üstaşyr aragatnaşygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan ulag-üstaşyr aragatnaşygyny giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
Özbek tarapy halkara ýol ulaglary üçin rugsat formalarynyň elektron alyş-çalşygyny üpjün edýän “E-permit” sanly ulgamyna geçmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda ýük daşamakda ýüze çykýan käbir kynçylyklary aradan aýyrmak bilen ýurtlaryň arasyndaky ulag-üstaşyr aragatnaşygy giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem haryt daşamak prosesini tiz amala aşyrmak maksady bilen serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek üçin nyrhlary we ýygymlary bir kada getirmek we sazlaşdyrmak meselelerine garaldy. Bu barada “UzDaily” habarlar gullugy habar berdi.

Özbek tarapy halkara ýol ulaglary üçin rugsat formalarynyň elektron alyş-çalşygyny üpjün edýän “E-permit” sanly ulgamyna geçmegi teklip etdi.

Gepleşikleriň dowamynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar täze ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça meseleleri maslahatlaşmagy dowam etdirmegi ylalaşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň we giňeltmegiň indiki tapgyrlaryny kesgitlediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022