Türkmenistan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberer
Ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça buýruk türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alnyp kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek barada  Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça buýruk türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alnyp kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen ýer titreme zerarly ejir çekenlere 10-njy fewralda goşmaça ynsanperwerlik kömegini iberdi.

2022