Mary welaýatynda iri gurluşyk işleri başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary welaýatynda iri gurluşyk işleri başlanar
Bäsleşik welaýatda guruljak täze, döwrebap şäherçelerde iri jemgyýetçilik desgalaryň birnäçesini gurmagy öz içine alýar.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi onlarça ýaşaýyş-durmuş desgalaryň we infrastrukturanyň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edildi.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň Saryýazy obasynda 160 orunlyk, Mary etrabynda 160 orunlyk, Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky geňeşliginiň Haşyrdyk obasynda 320 orunlyk, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar baglary gurlar.

Şeýle hem Mary şäherinde 500, Baýramaly etrabynyň Ýalkym geňeşliginiň Ýalkym obasynda 500, Ýolöten etrabynda 600, Murgap etrabynda 500, Wekilbazar etrabynda 600 orunlyk orta mekdepler bina ediler.

Bulardan başga-da, Sakarçäge etrabynda täze saglyk merkezi gurular we Ýolöten etrabyndaky saglyk öýüniň durky täzelener.

Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 10000 kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň, Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25000 kub metr, Sakarçäge etrabynyň Parahat şäherçesinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15000 kub metr bolan suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bäsleşik welaýatda guruljak täze, döwrebap şäherçelerde aşakdaky iri jemgyýetçilik desgalaryň birnäçesini gurmagy öz içine alýar.

Wekilbazar etrabynda: ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasy, geňeşligiň edara binasy, 660 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy we saglyk merkezi.

Sakarçäge etrabynda: ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasy, geňeşligiň edara binasy, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy we saglyk merkezi.

Türkmengala etrabynda: ýangyn howpsuzlyk bölüminiň binasy, geňeşligiň edara binasy, 660 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy we saglyk merkezi.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan ähli täze, döwrebap şäherçelerde ýollar, içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlar, daşarky we içerki elektrik ulgamlar gurlar.

Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň günbatar künjeginde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumynda 46 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy, mekdep, çagalar bagy, söwda merkezi we seýilgäh gurlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022