Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşar
Türki döwletleriň guramasynyň 9-njy sammiti, Samarkant, Özbegistan, 11-nji noýabr 2022-nji ýyl (Surat: President.uz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy martda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitine gatnaşar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň “Kabar” habarlar gullugy çarşenbe güni mälim etdi.

TDG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň adatdan daşary duşuşygynyň mowzugy "Tebigy betbagtçylyklar bilen göreşmek we ynsanperwerlik kömegi" bolar.

Sammitiň dowamynda taraplar tebigat we adam tarapyndan döreýän betbagtçylyklary, şeýle hem köpçülikleýin çäre görmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar.

TDG-nyň sammitine guramanyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlary, şeýle hem gurama synçy döwlet hökmünde Wengriýanyň Premýer-ministri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gatnaşarlar.

TDG Türki döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, ylym, bilim, ulag we syýahatçylyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen döredilen döwletara guramadyr.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan, Wengriýa we Demirgazyk Kipr bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.

2022