Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gruziýanyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda çarşenbe güni Bakuda geçirilen duşuşygyň dowamynda Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça üstaşyr gümrük amallaryny “bir penjire” ýörelgesi esasynda ýönekeýleşdirmek boýunça taslama ara alnyp maslahatlaşyldy.
Baku şäherinde geçirilen duşuşyga Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa, Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň gümrük gullugynyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek, sebit ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle hem ozal tabşyrylan üstaşyr gümrük deklarasiýasyny üstaşyr resminama hökmünde ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça “bir penjire” ýörelgesine esaslanýan ýönekeýleşdirilen üstaşyr amallaryny ösdürmek we durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny kabul etdiler we jemleýji teswirnamasyna gol çekdiler.