TDG-nyň Döwlet Baştutanlary Ankara Jarnamasyny kabul etdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDG-nyň Döwlet Baştutanlary Ankara Jarnamasyny kabul etdiler
Türki döwletleriň guramasynyň adatdan daşary sammiti, Ankara, Türkiýe, 16-njy mart, 2023-nji ýyl

Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlary penşenbe güni Ankarada geçirilen TDG-nyň adatdan daşary sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji Jarnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, TDG-nyň agza ýurtlary 6-njy fewralda Türkiýede bolup geçen iki sany ýertitremäniň netijeleri boýunça ýurdy täzeden gurmak meselesinde Türkiýä raýdaşlygyny bildirýärler. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berdi.

TDG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň adatdan daşary duşuşygynyň mowzugy "Tebigy betbagtçylyklar bilen göreşmek we ynsanperwerlik kömegi" boldy.

TDG-nyň adatdan daşary sammitine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Demirgazyk Kipriň Prezidenti Ersin Tatar we TDG-nyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.

Jarnamada fewral aýynda Türkiýäniň günortasynda we günorta-gündogarynda bolup geçen betbagtçylyk bilen baglanyşykly köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara gynanç bildirilýär.

Şeýle hem gol çekilen Jarnamada TDG-nyň agza ýurtlaryna, bu gurama synçy döwletlere, hem-de beýleki ähli ýurtlara we halkara düzümlere Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ýurda berilen gyssagly kömek üçin minnetdarlyk bildirilýär.

Mundan başga-da, resminamada TDG-nyň çäginde we tutuş dünýäde tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aýyrmak boýunça ädimleri kadalaşdyrmak meseleleriniň we "Türki dünýäsi 2040" düşünjesinde göz öňünde tutulan maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtalýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türki döwletleriň guramasynyň indiki sammiti şu ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanda geçiriler.

2022