Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Ankarada Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistanyň Prezidenti türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. (Surat: President.uz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ankarada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) adatdan daşary sammitine gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň TDG-nyň başlygy hökmünde alyp barýan işine ýokary baha berip, sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak hem-de häzirki döwrüň ýüze çykýan täze wehimlerini nazara almak bilen, degişli çäreleri işläp taýýarlamak üçin şu gezekki sammitiň möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türki dilli döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, olaryň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidenti özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça taraplaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri işläp taýýarlamak nukdaýnazaryndan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine wajyp ornuň degişlidigini bellediler we toparyň şu ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda geçirilen mejlisiniň jemleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew TDG-yň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň ýolunda täze ädime öwrüljekdigine, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

2022