Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. (Surat: tccb.gov.tr)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ankarada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lider dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna ýene-de bir gezek ýürekden gynanjyny we duýgudaşlygyny beýan etdi.

Türkiýäniň Prezidenti öz adyndan we tutuş türk halkynyň adyndan Döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan medet beriji sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu kyn pursatda duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halky üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň TDG-na synçy hökmünde gatnaşmagynyň syýasy-diplomatik häsiýete eýedigini we onuň doganlyk türki dilli halklar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag geçelgeleriniň amatly mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üpjünçilik ulgamlarynyň has netijeli ulanylmagynyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda energetika pudagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny üçünji ýurduň üsti bilen Türkiýä ibermek boýunça meseleleriň üstünde işlenilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri 14-nji maýda Türkiýäniň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljekdigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu jemgyýetçilik-syýasy çärede Türkiýäniň döwlet Baştutanyna üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni Ankarada Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) adatdan daşary sammitine gatnaşdy. TDG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň adatdan daşary duşuşygynyň mowzugy "Tebigy betbagtçylyklar bilen göreşmek we ynsanperwerlik kömegi" boldy.

2022