TDHÇMB-da anna güni $126,7 milliondan gowrak nebit önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni $126,7 milliondan gowrak nebit önümleri satyldy
Owganystanyň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň 6,5 müň tonnasyny, şeýle hem dizel ýangyjynyň 3,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda A-92, ECO-93 kysymly awtoulag benzini we dizel ýangyjy satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 126 million 775 müň 250 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystanyň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň 6,5 müň tonnasyny, şeýle hem dizel ýangyjynyň 3,5 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan A-92 kysymly awtoulag benzininiň bir tonnasynyň bahasy 699,5 ABŞ dollaryna, dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy bolsa 701 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler jemi bahasy 119 million 775 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 150 müň tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 798,5 ABŞ dollaryna barabar boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022