Türkmenistana ilkinji “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana ilkinji “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy
“A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarynyň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilendir.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline anna güni “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda iki sany “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, uçarlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat eder.

“A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarynyň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022