Türkmenistanyň Prezidenti bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berdi
Ekologik çäräniň dowamynda daşary ýurtly wekiller, ýaşlar we Türkmenistanyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem agaç nahalyny oturtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berdi. Bag ekmek çäresi Aşgabat şäheriniň günortasynda, dag eteginde geçirildi.

Ählihalk bag ekmek dabarasynda Döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ak pata berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ekologik çäräniň dowamynda daşary ýurtly wekiller, ýaşlar we Türkmenistanyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem agaç nahalyny oturtdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde köpçülikleýin bag ekmek dabarasy hem geçirildi.

2022