Mart III hepde: eksport geleşikleri $181,7 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart III hepde: eksport geleşikleri $181,7 milliona golaýlady
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügi, Özbegistanyň telekeçileri bolsa float list aýnany satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 181 million 691 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

BAE-niň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügi, Özbegistanyň telekeçileri bolsa float list aýnany satyn aldylar. 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022