Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Arkadag şäheri boýunça gepleşikleri geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Arkadag şäheri boýunça gepleşikleri geçirdi
Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlyga we Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy üçin bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Rejepow Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew, Ýewraziýa Ykdysady Alymlar klubynyň Prezidenti we Beýik ýüpek ýoly şäherleriniň häkimleriniň forumyny guraýjylaryň biri bolan Murat Karymsakow we GPI kompaniýalar toparynyň hyzmatdaşy, GPI Lab-niň müdiri, “Ýaşyl şäher” klubynyň ESG komitetiniň ýolbaşçysy Ýuliýa Ýakupbaýewa bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy anna güni habar berdi.

Ilçi Batyr Rejepow duşuşyga gatnaşyjylara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulýan we gurluşygy meýilleşdirilýän desgalar barada gürrüň berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlyga we Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy üçin bilelikdäki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystanyň Medeniýet we sport ministriniň orunbasary Nurkis Dauşowyň arasynda şu ýylyň 18-nji martynda geçirilen duşuşykda taraplar Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi boýunça meselelere seretdiler.

2022