Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň Emiri bilen gepleşikleri geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň Emiri bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara saparynyň çäklerinde gurnalan duşuşyklar giňeldilen düzümde hem-de ikiçäk görnüşde geçirildi. (Surat: QNA)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda duşenbe güni Dohada ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara saparynyň çäklerinde gurnalan duşuşyklar giňeldilen düzümde hem-de ikiçäk görnüşde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigi nygtalyp, türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, sebit we halkara meýdançalarda birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldamak tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi barada aýdylyp, ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren ikiçäk görnüşdäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Katara şu gezekki saparynyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-katar gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikiçäk görnüşdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Katara amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

2022