Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy

Biznes Türkmenistan
Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy
Täze diplomatik wekilhananyň açylyş dabarasyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle-de Katarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. (Surat: Qatar News Agency)

Kataryň paýtagty Doha şäherinde duşenbe güni Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Täze diplomatik wekilhananyň açylyş dabarasyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle-de Katarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow dabarada çykyş edip, häzirki wagtda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ünsi çekdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze diplomatik wekilhananyň açylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Katara amala aşyran saparynyň çäginde Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Katarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak meselesini ara alnyp maslahatlaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana gol çekdi.

Aşgabatda Kataryň diplomatik wekilhanasy 2014-nji ýylyň dekabr aýynda açyldy.

2022