Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramy bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramy bellenilýär
“Nowruz ýaýlasynda” döredilen täsin obada türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşy, köpöwüşginli däp-dessurlary görkezildi.

Türkmenistanda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar sişenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat habar berdi.

Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär” diýip nygtady.

Baýramçylyk dabaralaryna Hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçlary, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeklerinden köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Habarda bellenlişi ýaly, “Nowruz ýaýlasynda” döredilen täsin obada türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşy, köpöwüşginli däp-dessurlary görkezildi. Etnografik sahnalarda Nowruzy baýram etmegiň däpleri, maldarçylyk we ekerançylyk, dürli baýramçylyk tagamlaryny taýýarlamak, milli oýunlar, senetçilik bilen baglanyşykly däp-dessurlar beýan edildi.

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda uly giňden bellenilýär.

2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

2022