Ýeri edinmegiň we peýdalanmagyň tertibi

BT
Ýeri edinmegiň we peýdalanmagyň tertibi
Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlip bilner.

Türkmenistanyň raýatlaryna eýeçilige berlen ýerlerden başga, Türkmenistanyň ähli ýerleri döwletiň eýeçiliginde durýar.

Ýerden peýdalanmak

Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlip bilner.

Ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça şu aşakdakylara arza berýärler:

a) hususy eýeçilige - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak – mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin - Geňeşe, şäherdäki etrabyň häkimligine;

b) peýdalanmaga - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna;

c) kärendä:

  • suwarymly ýerleri - daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna;
  • oba hojalyk däl maksatlar üçin - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna.

Ýerleriň peýdalanmaga ýa-da kärendesine berilmegine mätäç Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu barada ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.

Ýerleriň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalarynda we edara görnüşindäki taraplaryň haýyşnamalarynda ýerleriň berilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýan resminamalary goşmak bilen soralýan ýer bölekleriniň niýetlenen maksady, möçberleri we ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.

Eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine ýer bölekleriniň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalar we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalar bilen ýüz tutmagynyň we olara seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Ýerleri kärendesine almaga isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bu barada haýyşnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.

Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna hususy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň kararlaryna laýyklykda geçirilýär.

Ýerlere eýeçilik, peýdalanmak we oba hojalyk däl maksatlar üçin kärende hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermek bilen ýer böleginiň bölünip berilmeginiň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri

  • Ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner.
  • Ýer bölegi eýeçilige Türkmenistanyň raýatlaryna berlip bilner.
  • Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn (99 ýyla çenli) peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.
  • Ýer bölegi kärendesine şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlip bilner.

BT Hukuk Bölümi

Bulary hem okaň