01.01.1970
01.01.1970

"Abadan haly" AGPJ

“Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzirki wagtda Türkmenistanda dokma pol örtükleriniň iň uly öndürijisidir.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän toplumyň umumy meýdany 14.5 gektar bolup onda polipropilen we akril ýüplük öndürýän bolümler, haly dokaýan bölümler hem-de gaýtadan işleýän bölümler hereket edýär. 650-den gowrak işgäri bilen zawodyň ýylda 2,500,000 inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmek kuwwaty bar.

2016-njy ýylyň fewral aýynda açylyp ulanmaga berilen toplumyň haly önümleri we polipropilen ýüplükleri Gazagystana, Özbegistana, Owganystana, Azerbaýjana we Türkiýä eksport edilýär. Kärhana Russiýa, şeýle hem Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri alyp barýar.

Ýewropanyň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan kärhanada esasy çig mal serişde Türkmenistanda öndürilýän polipropolen bolup durýar. Kärhana ISO 9001, ISO14001, ISO 18001 halkara hil sertifikatlaryna eýedir.

 

Salgysy:  Türkmenistan, Aşgabat ş., Büzmeýin etr., Altyn Asyr köçesi 27.

Telefon belgisi: +99312 357905.

Faks: +99312 357906.

Elektron salgysy: contact@abadanhaly.net;

Web sahypasy: abadanhaly.net

Bulary hem okaň
2022