01.06.2021
05.07.2021

“Türkmengaz” gaz turbina hereketlendirijileriniň düýpli abatlaýyş işleri boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni tender boýunça kesgitleýän toparyň adyndan “DO49P” modelli iki sany gaz turbina hereketlendirijileriniň

düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edara binasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Tender teklipli bukjalar görkezilen salga eltmeli.

Bellik: tender resminamalarynyň doly bukjasy tender tölegi geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 40-32-40, 40-32-50

40-32-75, 40-31-22

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň