Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň işgärlerini gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezident gutlagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurtda döwrebap hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we derman senagaty kärhanalarynyň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýändigini belledi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyna lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary, innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam we emeli aň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, baýram mynasybetli ýurtda täze saglygy goraýyş desgalary açylar. Döwlet Baştutany täze binalarda lukmanlaryň ilatyň saglygyny goramak ugrunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, lukmanlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy ylmy-kliniki we ylmy-barlag merkezleri, döwrebap klinikalar hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine hem ünsi çekdi.
Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ilat gaznasy we Aziýanyň hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ynsanperwer kömekler berilýär.
Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany pudagyň işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.










33451-90x604.png)






