09.12.2021
09.01.2022

Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara wirtual sergi

Türkmenistanyň Bitaraplyk gününe bagyşlanan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi öz işine başlady. Sergi Türkmenistanyň senagat hem-de önümçilik potensialyny görkezmäge, maýa goýujylary çekmäge, içerki we daşarky söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Wirtual sergä gatnaşmak isleýänler aşakda görkezilen elekrton salgy boýunça Söwda-senagat edarasynyň wirtual zalyna girip, sergi meýilnamasynda islän ugruny saýlap, serginiň bölümleri bilen tanşyp bilerler. Sergide jemi 50-den gowrak gatnaşyjy bolup, olaryň stendlerinde önümler we hyzmatlar barada doly maglumat ýerleşdirilendir.

Sergä gatnaşyjylaryň sanynyň köp bolmagyny gazanmak maksady bilen sergi 3 dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde görkezilýär.Sergini bir aýyň dowamynda görmek mümkindir.
Sergä şu salgydan gatnaşyp bilersiňiz.

Bulary hem okaň
2022