31.12.2021
10.01.2022

Daşoguz welaýat häkimligi tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda Daşoguz şäherinde 600 orunlyk, S. A.Nyýazow adyndaky etrapda 420 orunlyk orta mekdepleriň, Köneürgenç şäherinde 200 orunlyk, Köneürgenç etrabynyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda 200 orunlyk medeniýet öýleriniň binalaryny gurmak üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna, sagat 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

9-03-02

9-40-33

Faks:

9-03-14

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş
Bulary hem okaň
2022