09.10.2022
10.10.2022

Lukmançylyk senagatynyň halkara sergisi

2022-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglyk, bilim we sport" atly halkara sergi hem maslahat geçiriler. Sergi TSTB we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriligi tarapyndan guralar.

Sergä hem maslahata gatnaşmaga türkmen bazarynda iş alyp barýan lukmançylyk we derman serişdeleri kärhanalary, degişli ministrligiň pudaklaýyn hem düzümindäki edaralardyr guramalar çagyrylýar.

Sergi şu ugurlar boýunça guralar:

  • lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary;
  • diş lukmançylyk enjamlary;
  • barlaghana we anyklaýyş enjamlary;
  • hirurgiki enjamlar we materiallar;
  • hassahanalaryň aragatnaşyk ulgamy;
  • ortopediýa we saglygy dikeldiş;
  • derman serişdeleri, lukmançylyk we arassaçylyk-gigiýena önümleri;
  • saglyk, gözellik we bedenterbiýe;
  • optika;
  • ýörite ulag serişdeleri;
  • saglygyň tebigy çeşmeleri.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 12 39-88-81; +993 12 76-17-99

+993 12 40-04-46; +993 12 76-06-16

Elektron salgylary:

centres@online.tm

okk-merkez@vandex.ru

exhibition@cci.gov.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Çandybil şaýoly 143
Bulary hem okaň
2022