12.05.2022
28.05.2022

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligi natriý gipohlorit erginini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabat agyz suw” birleşiginiň garamagyndaky agyz suw desgalarynda agyz suwuny öndürmekde hem-de sarp edijileri arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde ulanylýan natriý gipohlorit (NaOGL) erginini satyn almak üçin bäsleşikleri geçirmekde potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüz tutmalary 2022-nji ýylyň maý aýynyň 28-ne çenli kabul edilýär.

Töleg hasaplaşygy işleri ýerine ýetirilenden soň geçirilýär. Bäsleşik 2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary Aşgabat şäher häkimliginden (127-nji otagdan) alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 92-31-69

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýoly, 17
Bulary hem okaň
2022