05.11.2022
10.11.2022

CIIE 2022 – V Hytaý halkara import sergisi

2022-nji ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde V Hytaý halkara import sergisi geçiriler.

Dünýäde iň iri import sergileriň biri bolup, CIIE 2022 kompaniýalara önümlerini görkezmek, brendini tanatmak we täze işewür hyzmatdaşlary tapmak üçin platforma bolup çykyş edýär.

Sergide tehnologiýa, awtoulaglar, enjamlar, lukmançylyk gurallary we saglygy goraýyş, hyzmatlar, azyk we oba hojalyk ýaly ugurlar boýunça önümler we hyzmatlar bilen tanyşdyrylar.

Serginiň dowamlylygy: 05.11.2022 - 10.11.2022

Geçirilýän ýeri: Şanhaý Bütindünýä sergiler we kongresler merkezi

Sergini gurnaýjylar: Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi we Şanhaý Halk Hökümeti.

Web-sahypasy: www.ciie.org

Hytaý, Şanhaý
Bulary hem okaň
2022